Turkmenportal logo
Şu gün 17:11
57255725
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
Onýyllyklaryň dowamynda gizlin saklanan operasiýalar: «SMERŞ» filmi Belet platformasyna gaýdyp gelýär

1944-nji ýylyň uzak wagtlap gizlin saklanan operasiýalaryna bagyşlanyp, içalylyk žanrynda döredilen «SMERŞ» serialynyň dördünji möwsümi giň tomaşaçylar köpçüligine hödürlenýär.

Onuň premýerasy 3-nji maýda REN TV teleýaýlymynda boldy, täze möwsümiň ähli bölümleri bolsa eýýäm Belet striming platformasynda «Standart» abunasy arkaly elýeterlidir.

Filmiň sýužeti Beýik Watançylyk urşunyň öwrülişik döwründe sowet garşylyklaýyn aňtaw gullugynyň alyp baran işi barada barýar. Taslamanyň awtorlary şol döwrüň Moskwa şäheriniň gurşawyny taryhy takyklyk bilen gaýtadan döredipdirler: şunda täsirli kowgular, dartgynly garşylyklar bar we islendik pursatda «öz adamlary» «keseki» bolup bilýär, duşman bolsa hemişe ýakynda durýar. Bu diňe bir film däl — bu, her bir çözgüdiň bahasynyň adam ömri bilen ölçenýän döwre çuňňur aralaşmakdyr.

Belet platformasyndaky «Standart» abunasy diňe «SMERŞ» filmine däl-de, eýsem beýleki köp sanly filmlere we seriallara hem elýeterlilik berýär. Abuna ýazylmak ýa-da hasaby doldurmak Turkmenportal arkaly hem amala aşyrylyp bilner.