Turkmenportal logo
Şu gün 15:26
13571357
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
Tehasyň ýaşaýjylary «SpaceX» kompaniýasyny raketalaryň gohy sebäpli kazyýete berdiler
Surat: mir24.tv

ABŞ-nyň Tehas ştatynyň ýaşaýjylary «SpaceX» kompaniýasyny raketalaryň gohy sebäpli kazyýete berdiler diýip, «Texas Tribune» portalyna salgylanýan «MIR 24» ýazýar.

Ýagny gündogar ştatdan 80 sany arzçydan ybarat topar raketalaryň synagy sebäpli ýokary sesli gümpüldileriň öz öýlerine soňky iki ýylda ýitgi ýetirendiginden şikaýat edýärler. Olar kompaniýany seresapsyzlykda we hususy emlägiň çäkleriniň bozulmagynda aýyplaýarlar.

Gürrüň 2023-nji ýylyň aprelinden 2025-nji ýylyň oktýabryna çenli 11 raketanyň uçurylmagy barada barýar. Şikaýat hatynda 2023-nji ýylda «Starship» raketasynyň uçurylyşynda badalga meýdançasynyň ýumrulandygy we onuň bölekleriniň 1,2 kilometre çenli pytrandygy aýdylýar.

Şikaýatçylar işe oturdaşlar kazyýetinde garalmagyny we ýitgileriň öweziniň doldurylmagyny, kazyýet, şeýle hem aklawçylara çykdajylaryň tölenmegini talap edýärler.