Turkmenportal logo
Şu gün 15:15
62616261
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
Türkmenistanyň ýaş gümrükçilerine ilkinji ofiser harby atlary dakyldy

Türkmenistanyň Döwlet gümrük gullugynda güwänamalary gowşurmak we ýaş harby gullukçylara ilkinji ofiser harby atlaryny dakmak dabarasy boldy.

Gullugyň saýtynda habar berlişine görä, Döwlet gümrük gullugynyň ýanyndaky Okuw merkezinde ýaş harby gullukçylar üçin taýýarlyk okuwlary iki aýlyk möhlete niýetlenendir. Nobatdaky okuw tapgyry şu ýylyň mart — maý aýlary aralygynda geçirildi.

Okuw döwründe Okuw merkeziniň tejribeli hünärmenleri hünär we harby taýýarlyk boýunça ýöriteleşdirilen sapaklary geçdiler. Okuwa gatnaşan ýaş gümrükçiler gümrük işiniň esasy ugurlaryny öwrendiler we harby taýýarlygyň esaslaryny özleşdirdiler. Hususan-da, amaly türgenleşige aýratyn üns berildi: alnan bilimler gümrük nokatlarynda geçirilen tejribelik pursatlarynda, şol sanda Halkara gümrük terminalyndaky gözegçilik-barlag toplumlarynyň işi bilen tanyşmagyň dowamynda berkidildi.

Okuwyň netijeleri boýunça ýaş harby gullukçylar hünär synaglaryndan üstünlikli geçdiler. Dabaranyň çäginde olar harby kasam kabul edip, gulluk borçlaryny ak ýürekden ýerine ýetirmäge, ata Watana wepaly hyzmat etmäge we Türkmenistanyň ykdysady howpsuzlygyny üpjün etmäge goşant goşmaga taýýardyklaryny tassykladylar.