Turkmenportal logo
Şu gün 12:17
24942494
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
Özbegistanda okaýan daşary ýurtly talyplaryň sany artdy
Surat: daryo.uz

Özbegistanyň Statistika boýunça Milli geňeşiniň maglumatlaryna laýyklykda, şu ýyl ýurda 15124 sany daşary ýurt raýaty okuwa geldi diýip, «Daryo.uz» habar berdi.

Bu görkeziji geçen ýylyň degişli döwründäkiden 8,5 müň adam ýa-da 2,3 esse köpdür. Şunda iň köp daşary ýurtly talyplar Türkmenistandan geldi, olaryň sany — 7 174 adam, Hindistandan — 2 835 we Täjigistandan — 1 170 adam.

Ilkinji onluga şeýle hem aşakdaky ýurtlar girdi:

  • Hytaý - 641 adam;

  • Gyrgyzystan - 483 adam;

  • Pakistan - 438 adam;

  • Müsür — 353 adam;

  • Günorta Koreýa - 342 adam;

  • Filippinler - 286 adam;

  • ABŞ - 191 adam.

Özbegistan bilim merkezi bolmaga çalyşýar, şonuň üçin daşary ýurtlu talyplary çekmek üçin dürli gurallary peýdalanýar. Olaryň biri-de «Täze Özbegistanyň talyp haklary» maksatnamasydyr. Her ýyl 500 sany zehinli daşary ýurtly talyba Respublikanyň döwlet ýokary okuw mekdeplerinde okamak üçin mümkinçilik berilýär.