Turkmenportal logo
Düýn 11:56
75387538
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
Türkmen karateçileri Daşkentde Merkezi Aziýanyň Kubogy ugrunda bäsleşerler

2026-njy ýylyň maý aýynda adaty karate boýunça Türkmenistanyň ýygyndy topary okuw-türgenleşik ýygnanyşygyna we Merkezi Aziýanyň Kubogy ugrundaky ýaryşa gatnaşmak üçin Daşkende ugrar. Maý aýynyň 4 — 14-i aralygynda türgenler türgenleşik ýygnanyşygyny geçerler, şondan soňra bolsa 14-nji maýdan 20-nji maý aralygynda bäsleşiklere gatnaşarlar.

Toparyň düzümine 16 türgen girizildi: Serdar Baýryýew, Ýunus Muhammetgulyýew, Ybragim Şagulyýew, Baýramgylyç Merdanow, Yhlas Jumanazarow, Daniýor Bahtyýarow, Eldar Taganow, Çerkez Myratdurdyýew, Bazarbaý Odaýew, Röwşen Geldiýew, Derýa Begmämmedow, Sylap Toýlymyradow, Yhlas Annagurbanow, Meýlis Çaryýew, Selim Ýanbaýew we Şamil Guseýnow. Topara Aziz Zekeriýaýew tälimçilik eder.