Tokionyň eteginde bir aý, ýagny iýunyň başyna çenli dowam etjek «Bägüller hepdeligi» festiwaly başlandy diýip, «RIA Nowosti» habar berdi.
Festiwal 2-nji maýda Ýokogama şäherinde badalga aldy, onuň merkezi ummanyň kenaryndaky «Ýamasita» seýilgähi hem-de oňa ýanaşyk «Deňiz menzili görünýän baýyrdaky seýilgäh» diýen ýerde ýerleşýär. Seýilgähde bägülleriň 160 görnüşi gülläp oturan çemenlikler bar. Seýilgähde şeýle hem golçalarda ýetişdirilýän bägülleri we beýleki ösümlikleri satyn alyp bolýar. Festiwala şeýle-de şäher seýilgähleri, gülli ýanýodalar we söwda merkezleriniň hem edara binalarynyň töweregindäki bägüller bilen bezelen meýdançalar gatnaşýarlar.
Ýokogama şäherindäki «Bägüller hepdeligi» festiwalynyň çäklerinde konsertler, tans toparlarynyň çykyşlary guralar, şäheriň beýleki seýilgählerinde-de wagtlaýyn gül bazarlary hereket eder.