Turkmenportal logo
Şu gün 10:18
53755375
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
«Türkmenistan — ruhubelentligiň we sagdynlygyň ýurdy» atly sport ýaryşlaryň ýeňijileri sylaglandy

Türkmen döwlet bedenterbiýe we sport institutynyň sportuň olimpiýa görnüşleri fakultetiniň köpugurly sport toplumynda «Türkmenistan — ruhubelentligiň we sagdynlygyň ýurdy» şygary astynda geçirilen sport ýaryşlarynyň ýeňiji toparlaryny sylaglamak dabarasy boldy. Bu barada «Türkmenistan» gazetinde habar berildi.

Ýeňijilere ýurduň jemgyýetçilik guramalarynyň sowgatlary, medallardyr kuboklar hem-de Türkmenistanyň Bedenterbiýe we sport baradaky döwlet komitetiniň Hormat haty dabaraly ýagdaýda gowşuryldy. 

«Türkmenistan — ruhubelentligiň we sagdynlygyň ýurdy» şygary bilen sportuň dürli görnüşleri boýunça geçirilýän ýaryşlar orta mekdepleriň okuwçylaryndan başlap, talyplarydyr milli ykdysadyýetiň pudaklarynda zähmet çekýän raýatlaryň ençemesini bir ýere jemleýär. 

Şeýlelikde, ýurduň umumybilim berýän orta mekdepleriniň okuwçylarynyň arasynda sportuň 11 görnüşi boýunça geçirilen Spartakiadada Aşgabat şäheriniň ýygyndy topary birinji orny eýeledi. Bu ýaryşlarda Daşoguz welaýatynyň ýygyndysy ikinji, Ahal welaýatynyň ýygyndysy bolsa üçünji orna mynasyp bolmagy başardy.

Hünär-tehniki we orta hünär okuw mekdepleriniň talyplarynyň arasynda sportuň 13 görnüşi boýunça geçirilen ýaryşlarda Aşgabat agrosenagat orta hünär okuw mekdebiniň ýygyndy topary tapawutlandy. Aşgabatdaky Demir ýol ulaglary orta hünär okuw mekdebiniň ýygyndysy ikinji, Energetika orta hünär okuw mekdebiniň ýygyndysy bolsa üçünji orny eýeledi.

Ýokary okuw mekdepleriniň talyplarynyň arasynda sportuň 21 görnüşi boýunça geçirilen Uniwersiadada Türkmen döwlet bedenterbiýe we sport instituty birinji orny eýeledi. Ýaryşlaryň ikinji we üçünji orunlaryna, degişlilikde, Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk instituty bilen Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky Halkara nebit we gaz uniwersiteti mynasyp boldy.

Harby we hukuk goraýjy edaralaryň işgärleriniň arasynda sportuň 9 görnüşi boýunça geçirilen ýaryşlarda Türkmenistanyň Içeri işler ministrliginiň ýygyndy topary aýratyn tapawutlandy. Goranmak ministrliginiň ýygyndysy ikinji, Döwlet serhet gullugynyň ýygyndysy üçünji orny eýeledi.

Ministrlikleriň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň işgärleriniň arasynda sportuň 8 görnüşi boýunça geçirilen pudaklaýyn Spartakiadada Türkmenistanyň Gurluşyk we binagärlik ministrliginiň ýygyndysy ýeňiji boldy. Bilim ministrliginiň ýygyndy topary ikinji orny eýelän bolsa, Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrliginiň ýygyndysy üçünjiligi gazandy.

Welaýatlaryň, Aşgabat we Arkadag şäherleriniň ýygyndy toparlarynyň arasynda sportuň 9 görnüşi boýunça geçirilen ýaryşlarda ýurdumyzyň paýtagtynyň, Lebap hem-de Ahal welaýatlarynyň ýygyndy toparlary tapawutlandylar.