Türkmenistanyň Döwlet energetika institutynda Mary welaýatynyň jemgyýetçilik guramalary bilen bilelikde 1941 — 1945-nji ýyllaryň Beýik Watançylyk urşunda gazanylan Ýeňşiň 81 ýyllygy mynasybetli «Nesillere nusga bolan gahrymanlar» atly aýdym-sazly duşuşyk geçirildi. Bu barada Türkmenistanyň Bilim ministrliginiň resmi saýtynda habar berildi.
Duşuşyga Beýik Watançylyk urşunyň weteranynyň ýanýoldaşy, Mary şäheriniň ýaşaýjysy Husniýa Hemraýewa, Beýik Watançylyk urşunda tylda zähmet çeken weteranlar, Mary şäheriniň ýaşaýjylary Handurdy Kulyýew, Amanbibi Ýazgylyjowa, Türkmenistanyň Demokratik partiýasynyň Mary welaýat komitetiniň, Kärdeşler arkalaşyklarynyň Mary welaýat birleşmesiniň, Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Mary welaýat geňeşiniň wekilleri, institutyň mugallymlary we talyp ýaşlary gatnaşdylar.
Duşuşygyň dowamynda oňa gatnaşyjylar Beýik Watançylyk urşy döwründe tylda bolup geçen birnäçe wakalar barada çykyş etdiler.