Turkmenportal logo
Düýn 23:32
12251225
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
Aşgabatda TÜRKSOÝ-nyň XXVII opera günleri mynasybetli dabaraly konsert geçirildi

Şu gün Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Mukamlar köşgünde Türki medeniýetiň halkara guramasynyň XXVII opera günleri mynasybetli dabaraly konsert geçirildi. Onda Türkmenistanyň, Türkiýäniň, Azerbaýjanyň, Gazagystanyň, Gyrgyzystanyň hem-de Özbegistanyň opera sungatynyň ussatlary çykyş etdiler.

«Watan» habarlar gepleşiginde habar berlişi ýaly, dabara Türkmenistanyň Döwlet simfoniki orkestriniň hem-de Döwlet horunyň ýerine ýetirmeginde Weli Muhadowyň sazyna döredilen «Türkmenistan — bagy-bossan» atly aýdym bilen açyldy. Konsertiň dowamynda dünýäniň we türki dünýäsiniň nusgawy opera sungatynyň naýbaşy eserleri ýerine ýetirildi. Sahna ussatlary tarapyndan türkmen, özbek, gyrgyz, azerbaýjan, gazak hem türk dillerindäki milli operalardan bölekler, şeýle hem dünýä medeniýetiniň genji hazynasyna öwrülen meşhur ariýalar hem-de aýdymlar ýokary çeperçilik derejesinde ýerine ýetirildi. Çykyşlar tomaşaçylaryň şowhunly el çarpyşmalaryna mynasyp boldy.