Turkmenportal logo
03.05.26
1297012970
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
«Ahal» «Nebitçini» ýeňip, Türkmenistanyň çempionatynda 2-nji orna çykdy

Türkmenistanyň Ýokary ligasynyň 6-njy tapgyrynda «Ahal» futbol topary «Nebitçini» ýeňdi. Duşuşyk paýtagtymyzyň «Aşgabat» stadionynda geçirildi.

Duşuşykdaky ýeke-täk pökgini 98-nji minutda penaltiden Süleýman Mirzoýew geçirdi.

11 utuk toplan «Ahal» ýaryş tertibinde 2-nji orna geçip, «Altyn Asyry» bir utuk bilen yzda galdyrdy. Şol bir wagtyň özünde «aragatnaşykçylaryň» bir oýny ätiýaçlykda galdy. «Nebitçi» bolsa alty tapgyrdan soň 6 utuk bilen 6-njy orny eýeleýär.