Türkmenistanda talyplar üçin täze atly talyp haklaryny döretmek meselesi öwrenilýär. Bu ugurdaky degişli tabşyrygy türkmen halkynyň Milli Lideri, Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Arkadag şäherinde geçirilen iş maslahatynyň dowamynda berdi.
TDH habar berlişi ýaly, Gahryman Arkadag ýaşaýjylary döwrebap öýlere göçürmek we täze şäheriň bilim edaralarynyň işini kämilleşdirmek boýunça işleri dowam etdirmegiň zerurlygyny aýdyp, şeýle hem bilim alýan ýaşlary höweslendirmek maksady bilen, birnäçe talyp haklaryny girizmek meselelerine hemmetaraplaýyn esasda çemeleşilmelidigini belledi we bu babatda özüniň degerli maslahatlaryny berdi. Gurbanguly Berdimuhamedow: «Biziň baş maksadymyz «Döwlet adam üçindir!»» diýip aýratyn nygtady.
Iş maslahatyna Arkadag şäheriniň gurluşygy boýunça döwlet komitetiniň başlygy D. Orazow we Arkadag şäheriniň häkimi G. Mämmedowa gatnaşdy. Maslahatyň dowamynda Arkadag şäheriniň häkimi G. Mämmedowa şäheriň gurluşygynyň birinji tapgyrynyň çäklerinde 7368 maşgala niýetlenen ýaşaýyş jaýlarynyň gurulandygy barada jikme-jik maglumat berdi. Ikinji tapgyrda bolsa 4284 maşgala üçin ýaşaýyş jaýlarynyň, şeýle hem medeni-durmuş maksatly binalaryň, orta mekdepleriň we çagalar baglarynyň gurluşygy meýilleşdirilýär. Şäher esaslandyrylandan bäri müňlerçe maşgala eýýäm täze öýlere göçüp geldi we müňlerçe täze iş orunlary döredildi.