Slowakiýanyň Hökümet başlygy Robert Fiso ýurtda bellenýän Zähmet güni mynasybetli zähmetkeşlere raýdaşlyk bildirmek üçin 1-nji maýda çörek bişirilýän karhanada gijeki çalşykda ýük ulag sürüjisiniň kömekçisi bolup işledi. Bu barada «Teraz» neşirine salgylanýan «Gazeta.ru» habar berdi.
Premýer-ministr çörekhananyň önümlerini birnäçe dükanlara paýlandygyny gürrüň berdi. «Teraz» neşiri çörek kärhanasynyň Slowakiýanyň günbataryndaky Banowse-nad-Bebrawo şäherinde ýerleşýändigini ýazýar.
Robert Fisonuň aýtmagyna görä, ol işçiniň maşgalasynda dünýä inipdir, 1-nji maýda gijeki çalşykda işlemegi onuň zähmetkeş adamlara hormatyny aňladýar.