Nepaldaky ýol-ulag hadysasynda azyndan 17 adam heläk boldy. Bu barada ýerli polisiýa salgylanýan «The Kathmandu Post» gazeti habar berdi.
Waka Lumbini-Pradeş ülkesiniň Rolpa okrugynda boldy, hukuk goraýjylaryň maglumatyna laýyklykda, awtoulag ýoldan çykyp, 800 metr beýiklikden uçuda gaçdy. Ulag serişdesi zyýaratçylary sebitiň iň köp adamly Jaljalu aramgähine dini däp-dessury berjaý etmek üçin alyp barýan ekeni.
Heläkçiligiň sebäpleri öwrenilýär.