Türkmenistanyň Amerikanyň Birleşen Ştatlaryndaky ilçisi Esen Aýdogdyýew 1-nji maýda Waşingtonda, Döwlet departamentiniň binasynda ABŞ-nyň Döwlet sekretarynyň kömekçisi Pol Kapur bilen duşuşyk geçirdi. Bu barada Türkmenistanyň ilçihanasynyň X sahypasynda habar berilýär.
Gepleşikleriň dowamynda taraplar Türkmenistan bilen Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň arasyndaky ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň esasy ugurlaryny ara alyp maslahatlaşdylar. Duşuşygyň netijeleri boýunça diplomatlar türkmen-amerikan gatnaşyklaryny mundan beýläk-de ösdürmäge we berkitmäge özara ygrarlydyklaryny tassykladylar.
Esen Aýdogdyýew 2026-njy ýylyň 6-njy martynda Prezidentiň Permany bilen Türkmenistanyň ABŞ-daky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi wezipesine bellenilipdi. 2026-njy ýylyň 9-njy aprelinde bolsa Waşingtondaky resmi «Bler-haus» rezidensiýasynda dabaraly çäre geçirilip, onuň dowamynda ilçi öz ynanç hatlarynyň nusgalaryny Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň protokol gullugynyň ýolbaşçysy Monika Kroula gowşurdy.