Turkmenportal logo
Düýn 23:25
40624062
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
Türkmen halkynyň Milli Lideriniň «Russiýa – Yslam dünýäsi: KazanForum» atly halkara ykdysady forumyna gatnaşar

Ozal habar berşimiz ýaly, şu gün sanly ulgam arkaly Ministrler Kabinetiniň mejlisi geçirildi. Onuň dowamynda wise-premýer, daşary işler ministri R.Meredow şu ýylyň maý aýynda ýurduň gatnaşmagynda daşary döwletlerde geçirilmegi meýilleşdirilýän halkara ähmiýetli esasy çäreler barada maglumat berdi.

Bellenilişi ýaly, Türkmenistan bilen Russiýa Federasiýasynyň arasyndaky strategik hyzmatdaşlyk gatnaşyklaryny mundan beýläk-de ösdürmek maksady bilen, Türkmen halkynyň Milli Lideriniň ýolbaşçylygynda ýurduň wekiliýetiniň Tatarystan Respublikasynyň Kazan şäherine sapary meýilleşdirilýär. Şunuň bilen baglylykda, Kazanda birnäçe möhüm halkara duşuşyklar geçiriler. Olaryň hatarynda her ýyl geçirilýän «Russiýa – Yslam dünýäsi: KazanForum» atly halkara ykdysady forumy görkezmek bolar. Şunuň bilen birlikde, «Russiýa – Yslam Dünýäsi Hyzmatdaşlyk EXPO», «Halkara Emläk Bazary» atly sergiler we maslahatlar, «Kazan Halal Bazary» halkara ýarmarkasy, «Asylly moda güni» festiwaly geçiriler. Şeýle hem atly sport boýunça ýaryşlar guralar.

Mundan başga-da, wise-premýer, daşary işler ministri Beýik Britaniýanyň London şäherinde ýurduň Patyşa maşgalasy tarapyndan Windsor halkara atly oýunlaryň we at ýaryşlarynyň geçirilmeginiň meýilleşdirilýändigini aýtdy. Bu halkara atly sport çärelerine türkmen wekiliýetiniň gatnaşmagy göz öňünde tutulýar.

Häzirki wagtda agzalan çäreleriň çäginde ahalteke atlaryna we türkmen atşynaslyk däplerine bagyşlanan serginiň geçirilmegi boýunça işler alnyp barylýar. Mundan başga-da, Türkmenistanyň Prezidentiniň we Gahryman Arkadagyň ýakyndan goldaw bermegi esasynda, türkmen wekiliýetiniň Baku şäherinde Azerbaýjan Respublikasynyň Hökümeti tarapyndan Birleşen Milletler Guramasynyň Ilatly nokatlar boýunça Maksatnamasy (UN-Habitat) bilen bilelikde geçiriljek Şäherleriň Bütindünýä Forumynyň 13-nji mejlisine gatnaşmagynyň meýilleşdirilýändigi aýdyldy.

Döwlet Baştutany hasabaty diňläp, şu ýylyň 13–14-nji maýynda Russiýa Federasiýasynyň Kazan şäherinde geçiriljek halkara çärelerine ýurduň wekiliýetiniň gatnaşmagyny ýokary derejede guramagyň, «Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan – bedew batly at-myradyň mekany» ýyly bilen bagly, 16–17-nji maý aralygynda ýurduň wekiliýetiniň Beýik Britaniýanyň we Demirgazyk Irlandiýanyň Birleşen Patyşalygynyň London şäherine boljak iş saparyna hem gowy taýýarlyk görmegiň, şeýle hem 17– 22-nji maý aralygynda Azerbaýjan Respublikasynyň Baku şäherinde geçiriljek Şäherleriň Bütindünýä Forumyna ýurduň wekiliýetiniň gatnaşmagy boýunça degişli işleri geçirmegiň wajypdygyna ünsi çekdi we degişli tabşyryklary berdi.