Turkmenportal logo
Düýn 23:20
55175517
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
Türkmenistanyň Prezidenti ýurduň bazarlarynda we söwda nokatlarynda harytlaryň nyrhlarynyň gözegçilikde saklanmalydygyny belledi

Türkmenistanyň Prezidenti ýurduň bazarlarynda we söwda nokatlarynda harytlarynyň üpjünçiliginiň hem-de nyrhlarynyň gözegçilikde saklanmalydygyny belledi. Bu barada şu gün sanly ulgam arkaly geçirilen Ministrler Kabinetiniň mejlisinde aýdyldy.

«Watan» habarlar gepleşiginde habar berlişi ýaly, wise-premýer N.Atagulyýew mejlisiň dowamynda gözegçilik edýän ministrliklerinde we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynda, şeýle hem telekeçilik ulgamynda şu ýylyň ýanwar – aprel aýlarynda alnyp barlan işleriň netijeleri barada hasabat berdi.

Bellenilişi ýaly, Söwda we daşary ykdysady aragatnaşyklar ministrligi boýunça söwda dolanyşygynyň ösüş depgini, geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende, 109,2 göterime, öndürilen önümleriň ösüş depgini 100,2 göterime barabar boldy. Dokma senagaty ministrligi boýunça önüm öndürmekde, geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende, 103,3 göterim ösüş depgini gazanyldy. «Türkmenhaly» döwlet birleşigi boýunça önüm öndürmegiň meýilnamasy 107,2 göterim ýerine ýetirildi. Döwlet haryt-çig mal biržasy tarapyndan hasabat döwründe 97 birža söwdasy geçirilip, olarda 10 müň 136 şertnama hasaba alyndy. 2026-njy ýylyň ýanwar – aprel aýlarynda Söwda-senagat edarasy boýunça ýerine ýetirilen işleriň ösüş depgini 119,8 göterime barabar boldy.

Türkmenistanyň Prezidenti hasabaty diňläp, ýurduň bazarlarynda we söwda nokatlarynda halkyň sarp edýän harytlarynyň üpjünçiligini hem-de nyrhlaryny gözegçilikde saklamagyň, ilaty ýokary hilli azyk harytlary bilen üpjün etmek üçin degişli çäreleri durmuşa geçirmegiň möhümdigini belledi. Şeýle hem döwlet Baştutany wise-premýere dokma kärhanalarynyň işini döwrebap ýola goýmak boýunça alnyp barylýan işleri dowam etmegi tabşyrdy.