Turkmenportal logo
Düýn 23:14
45374537
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
Bilim ministrligine 1-nji synpa barjak çagalara sowgat beriljek kompýuterleri satyn almaga ygtyýar berildi

Türkmenistanyň Prezidentiniň bilim syýasatyny durmuşa geçirmek, ýaşlaryň döwrebap bilim-terbiýe almagy we innowasion tehnologiýalardan baş çykarýan, giň gözýetimli hünärmenler bolup ýetişmegi üçin amatly şertleri döretmek, şeýle hem ýurduň umumybilim berýän orta mekdeplerine 2026-2027-nji okuw ýylynda okuwa kabul edilýän okuwçylara noutbuk kompýuterlerini sowgat bermek maksady bilen Türkmenistanyň Prezidenti resminama gol çekdi.

Resminama laýyklykda, Bilim ministrligine Türkmenistanda öndürilen degişli mukdardaky noutbuk kompýuterlerini satyn almak, 2026-njy ýylyň 1-nji awgustyna çenli bilim edaralarynda gurnamak hem-de tehniki hyzmat etmek barada «Agzybirlik tilsimaty» bilelikdäki kärhanasy we «Aýdyň gijeler» hojalyk jemgyýeti bilen şertnamalary baglaşmaga ygtyýar berildi.

Bu barada «Watan» habarlar gepleşiginde habar berildi.