Turkmenportal logo
Düýn 17:33
83818381
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
Lebap önümçilik müdirligi tarapyndan 10 müň tonna golaý suwuklandyrylan gaz öndürildi

«Türkmengaz» döwlet konserniniň Suwuklandyrylan gazy öndürmek boýunça Lebap önümçilik müdirligi şu ýylyň ilkinji aýlarynda ýokary önümçilik netijelerini gazanýar. Bu barada «Nebit-gaz» gazetinde habar berildi.

Müdirlikde şu ýylyň mart aýynda suwuklandyrylan gaz öndürmek boýunça meýilnama 100,4 göterim berjaý edildi. Has takygy, meýilnama boýunça 9 müň 710 tonna önüm öndürmek göz öňünde tutulan bolsa, hakykatda 9 müň 752 tonna suwuklandyrylan gaz öndürildi.

Gaz kondensatynyň önümçiligi boýunça hem ýokary netijeler gazanylyp, meýilnama 105,8 göterim ýerine ýetirildi. Bu ugurda 7 müň 170 tonna derek 7 müň 586 tonna önüm alyndy.

Lebap welaýaty boýunça şu ýylyň birinji çärýeginde suwuklandyrylan gazyň 25,6 müň tonnasynyň öndürilmegi hem aýratyn ähmiýetlidir. Bu görkezijiler geçen ýylyň degişli döwründäkiden ep-esli ýokary bolup, önümçilikde durnukly ösüşiň üpjün edilýändigini tassyklaýar.

Şeýlelikde, bar bolan sanlar we maglumatlar şu ýyl önümçilikde 2,5 esse ösüşiň gazanylandygyny görkezýär. Bu bolsa tebigy gazy gaýtadan işlemek, ondan suwuklandyrylan gaz, gaz kondensaty we harytlyk tebigy gaz almak boýunça alnyp barylýan işleriň netijelidigini aýdyň görkezýär.

2005-nji ýylda döredilen bu müdirlik Lebap welaýatynyň Türkmenabat şäherinde ýerleşýär. Müdirligiň düzüminde iki sany suwuklandyrylan gaz öndürýän desga hem-de dört sany suwuklandyrylan gaz saklaýan we ýükleýän terminal hereket edýär.