Turkmenportal logo
01.05.26
1264412644
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
Türkmen döwlet uniwersitetiniň guramagynda düzme ýazmak boýunça bäsleşik geçirildi

Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersiteti tarapyndan ýurdumyzyň ýokary okuw mekdepleriniň talyplarynyň arasynda «Parahatçylyk, howpsuzlyk, durnukly ösüş: ýaşlaryň başlangyçlary» atly düzme ýazmak boýunça bäsleşik geçirildi. Bu barada uniwersitetiň resmi saýtynda habar berildi.

Düzme ýazmak boýunça bäsleşiginiň geçirilmegi talyplaryň türkmen diliniň ýazuw kadalaryny, sözleýiş medeniýetiniň talaplaryny kämil derejede bilmeklerini gazanmaga, olaryň pikirini ýazuw arkaly beýan edip bilmek başarnyklaryny kämilleşdirmäge, döredijilik ukybyny bäsleşik şertlerinde açyp görkezmäge ýardam berer. 

Habarda bellenilişi ýaly, bäsleşigiň esasy maksady «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy: Türkmenistany 2022 — 2052-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Milli maksatnamasynda» bilim ulgamyny ösdürmek boýunça, «Türkmenistanda ylym ulgamyny ösdürmegiň 2024 — 2052-nji ýyllar üçin Strategiýasynda» kesgitlenen wezipeleri ýerine ýetirmekden, ýaşlary ynsanperwerlik, watansöýüjilik, ygrarlylyk, maksadaokgunlylyk, adyllyk ýaly milli ýörelgeler esasynda terbiýelemekden, zehinli ýaşlary ýüze çykarmakdan ybaratdyr.