«TikTok» sosial torunyň edarasy Indoneziýadan bolan 1,7 million sany on alty ýaşdan kiçi çagalaryň akkauntyny bu ýurduň sanly gurşawda çagalary goramagyň täze milli kanuny bilen baglylykda işjeňsizlendirdi. Bu barada Indoneziýanyň aragatnaşyk we sanly tehnologiýalar ministri Meutýu Hafide salgylanýan «Antara» agentligi habar berdi.
Sişenbede ady tutulan ministrligiň wekilleri bilen geçirilen duşuşygynda «TikTok» edarasy Indoneziýada kiber-jenaýatçylyga, şol sanda humarly oýunlara we onlaýn-kezzaplyga garşy göreşmekde tagallalaryny gaýgyrmajakdygyny nygtady.
28-nji martdan başlap, Indoneziýada 16 ýaşdan kiçi çagalara akkauntlary açmagy we ýöretmegi hem goşmak bilen, sosial torlardan peýdalanmaga gadaganlyk güýje girdi.