Suwda ýüzüji-ultramarafonçy Endi Donaldson Ord derýasynda ýüzüp, dünýä rekordyny goýdy. Günbatar Awstraliýadaky bu derýa krokodilleriň düşelgesi hökmünde meşhurdyr. Hünärmenleriň hasaplamalaryna görä, derýada 5500 sany krokodil ýaşaýar, bu olaryň suwda her 100 metrden duşýandygyny aňladýar diýip, «MIR 24» gürrüň berýär.
Donaldson 55 kilometri 11 sagat 51 minutda geçdi. Ol 2024-nji ýylda bu aralygy 16 sagat 13 minutda geçen Simona Bleýzeriň netijesinden ozdurdy.
Ýüzüji ir sagat 5:38-de badalga aldy we 17: 29-da pellehana geldi. Onuň ýüzüşi 34 gradus yssy, garşylyklaýyn şemal sebäpli has-da kynlaşdy. Emma Donaldson bu kynçylyklary goldawçy toparyň kömegi arkaly ýeňip geçmegi başardy.
Gyzykly ýeri, badalgada ýüzüşe başlamanka ol 2,5 metrlik krokodili gördi. Emma suw ýyrtyjysy adamlara hiç hili howp döretmedi. Hünärmenler süýji suwda ýaşaýan krokodilleriň deňizdäkilerden tapawutlylykda, örän gorkakdygyny, adama seýrek golaýlaşýandyklaryny aýdýarlar.
Ýüzüji açyk suwda ýüzmegiň özüni juda birahat edendigini boýun alýar. Sebäbi ýabany tebigatda her jüre howplara duşmagyň mümkin.
Hatda suwdaka ol bir gaty zada degendigini, dessine juda tolgunandygyny-da boýun aldy. Emma «gorkana goşa görner» diýleni, aslynda ýüzüş wagty türgene hiç hili howp abanmady diýip, «The Guardian» ýazýar.