Turkmenportal logo
Şu gün 14:08
20852085
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
BAE-niň energetika ministri ýurduň OPEK-den çykmagynyň sebäplerini düşündirdi
Surat: belta.by

Birleşen Arap Emirlikleriniň halkara OPEK guramasyndan çykmagy nebitiň daşalyşygyna çäklendirme döreden Ormuz bogazy bilen hem baglydyr. Bu barada BAE-niň energetika we infrastruktura ministri Suheýl al-Mazraui «CNBC» teleýaýlymynyň habarçysy bilen söhbetdeşlikde aýtdy diýip, «RIA Nowosti» ýazýar.

«Eger isleg bilen teklibiň arasyndaky sazlaşyga, dünýädäki ýagdaýa seretseň, Ormuz bogazynyň ýapylmagy hem-de çäklendirmeler çig nebitiň we taýýar önümleriň Pars aýlagyndan akymyny çäklendirýär. Şeýle ýagdaýda hereket etmek we öňkülerden tapawutly strategiýalary ulanmak gerek» diýip, al-Mazraui nygtady.

Ministr şeýle hem BAE-niň nebitiň çykarylyşyny gyssagly artdyryp bilmejekdigini, sebäbi sebitiň beýleki ýurtlary ýaly ady tutulan bogazyň ýapylmagy bilen baglylykda, çäklendirmelere uçraýandygyny aýtdy. «Tutuş dünýäniň üns bermegi wajyp bolan çäklendirme we töwekgelçilik bar, ol-da Ormuz bogazynyň ýapylmagy. Ony açmak, gämileriň erkin geçmegini üpjün etmek gerek» diýip, BAE-niň ministri sözüniň üstüni ýetirdi.

Öň Birleşen Arap Emirlikleri 2026-njy ýylyň 1-nji maýyndan OPEK we OPEK+ guramalaryndan çykjakdygyny yglan edipdi.