Ýewropanyň üç klub ýaryşynda ýarym final tapgyry duýdansyz netijeler we ýokary derejeli duşuşyklar bilen başlandy. 28–30-njy aprel aralygynda Çempionlar ligasy, Ýewropa ligasy we Konferensiýalar ligasynyň ýarym finalynyň ilkinji oýunlary geçirildi.
Ýarym final hepdesiniň iň esasy wakasy «Pari Sen-Žermen» bilen «Bawariýanyň» arasynda geçirilen adatdan daşary duşuşyk boldy. 28-nji aprelde parižliler 5:4 hasaby bilen ýeňiş gazandylar. Bu oýun Çempionlar ligasynyň taryhynda ýatdan çykmajak duşuşyklaryň birine öwrüldi. Dokuz goluň geçirilmegi bu möwsümde ýarym final derejesindäki iň netijeli oýun boldy. Emma bir gol artykmaçlyk jogap duşuşygyndan ozalky näbelliligi saklaýar.
Beýleki ýarym finalda 29-njy aprelde Madridiň «Atletiko» kluby «Arsenal» bilen 1:1 hasabynda deňme-deň oýnadylar. Iki topar hem finala çykmak üçin deň mümkinçilikleri saklaýar.
30-njy aprelde Ýewropa ligasynda iki iňlis klubynyň arasynda aýgytlaýjy derbi oýny geçirildi. «Nottingem Forest» öz meýdançasynda «Aston Villany» 1:0 hasaby bilen ýeňip, jogap duşuşygynyň öňüsyrasynda artykmaçlyk gazandy.
Beýleki ýarym finalda «Braga» öz meýdançasynda «Fraýburgy» 2:1 hasaby bilen ýeňdi we finala çykmak üçin gowy mümkinçilik gazandy.
Üçünji derejeli Ýewropa klub ýaryşynda «Şahtýor» öz meýdançasynda «Kristal Pelas» klubyndan 1:3 hasaby bilen utuldy. Beýleki duşuşykda ispanlaryň «Rayo Walýekano» kluby fransuzlaryň «Strasbur» klubyny 1:0 hasaby bilen ýeňdi.
Ýarym finalyň jogap duşuşyklary Çempionlar ligasynda 5–6-njy maýda, Ýewropa ligasynda we Konferensiýalar ligasynda 7-nji maýda geçiriler. Final duşuşyklary bolsa degişlilikde 30-njy maýda Budapeştde (Çempionlar ligasy), 20-nji maýda Stambulda (Ýewropa ligasy) we 27-nji maýda Leýpzigde (Konferensiýalar ligasy) geçirmeklik meýilleşdirilýär.