Turkmenportal logo
Şu gün 12:31
33873387
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
Türkmen döwlet konserwatoriýasynda ylmy-amaly maslahat geçirildi

Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýasynda 27-nji aprel — 2-nji maý aralygynda «Kompozisiýa we gurallama» kafedrasynyň hepdeligi geçirilýär.

Hepdeligiň açylyşynda kafedranyň müdiri Kerimguly Garowow kafedranyň taryhy, geçen ýyllaryň dowamynda gazanylan ösüşler we üstünlikler barada gürrüň berdi. Şeýle-de ol hepdeligiň çäklerinde geçiriljek çäreleriň meýilnamasyny hödürledi diýlip, Türkmenistanyň Medeniýet ministrliginiň saýtynda habar berilýär.

Hepdeligiň dowamynda «Kompozisiýa hünäri boýunça okuw derslerini okatmagyň käbir aýratynlyklary» atly ylmy-amaly maslahat geçirildi. Görnükli kompozitor, Türkmenistanyň sungatda at gazanan işgäri Suhan Tüýliýew «Türkmen sazynyň nazaryýeti» atly monografiýasyny tanyşdyrdy we onuň aýratynlyklary barada durup geçdi.

Kompozitorlar Meret Annamyradow we Türkmenistanyň halk artisti Daňatar Hydyrow öz döreden eserleri barada gürrüň berdiler. Duşuşygyň iň täsirli pursatlary kompozitorlaryň öz mugallymlary N.Halmämmedow, D.Nuryýew we A.Kulyýew baradaky gyzykly ýatlamalary boldy. Çäräniň gidişinde türkmen kompozitorlarynyň saz eserleriniň arhiw ýazgylaryna diňlenildi.