Turkmenportal logo
Şu gün 09:50
59905990
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
Türkmenistanly talyp gyz rus dili boýunça geçirilen «Homo dicens» halkara bäsleşiginde ýeňiji boldy

Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetiniň talyby Medine Sopytaganowa Moskwa şäher pedagogik uniwersiteti we Russiýanyň ynsanperwer ylymlar instituty tarapyndan guralan «Homo dicens» rus dili boýunça halkara olimpiadasynda birinji orny eýeledi.

«Türkmenistan: Altyn asyr» neşiriniň habar bermegine görä, Medine taryh fakultetiniň 4-nji ýylynda okaýar we ol halkara hem-de döwlet derejesindäki dürli olimpiadalaryň we bäsleşikleriň birnäçe gezekki ýeňijisidir.

Bu abraýly halkara ýaryşyna Russiýadan, Hytaýdan, Saud Arabystanyndan, Iordaniýadan, Serbiýadan, Moldowadan, Gazagystandan, Gyrgyzystandan, Özbegistandan we Türkmenistandan 200-e golaý talyp gatnaşdy.

Türkmenistanly talyp bäsleşigiň iki tapgyryndan hem üstünlikli geçip, ajaýyp taýýarlyk görkezdi. Olimpiadanyň jemleri boýunça eminleriň karary bilen Medine Sopytaganowa I derejeli diplom bilen sylaglandy.