ABŞ-nyň döwlet edarasy golaý wagtda näbelli uçýan obýektler baradaky maglumatlary jemgyýetçilige ýaýratmakçy, olaryň arasynda örän gyzyklylary hem bar. Bu barada Prezident Donald Tramp habar berdi diýip, TASS ýazýar.
«Biz golaý günlerde başardygymyzça habarlary elýeterli ederis” diýip, Tramp Ak tamda žurnalistleriň amerikan Hökümeti özünde bar bolan maglumatlary çap edermi diýen sowalyna beren jogabynda belledi: - Biz özümizde bar bolanlary jemgyýetçilige ýaýradarys. Olaryň bir bölegi adamlara gaty gyzykly bolar diýip pikir edýärin».
Tramp özüniň öňräk näbelli uçýan obýektler barada amerikan harby uçarmanlary bilen gürrüňdeş bolandygyny, olaryň gözleri bilen gören zatlaryna ynanar ýaly däldigi barada aýdandyklaryny nygtady. «Şonuň üçin siz bu barada okarsyňyz» diýip, Ak tamyň başlygy sözüniň üstüne goşdy.
Fewralda Tramp ABŞ-nyň hökümetiniň Ýerden daşarky ýaşaýyş görnüşleri hem-de näblli uçýan obýektler barada resminamalary çap etjekdigini söz berdi. Ol bu barada harby ministr Pit Hegsete we beýleki degişli edaralardyr ministrliklere görkezme berendigini aýtdy.