Turkmenportal logo
30.04.26
1487314873
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
Türkmenistan bilen TÜRKSOÝ guramasy bilelikdäki iş meýilnamasynyň durmuşa geçirilmegini ara alyp maslahatlaşdy

Şu gün Aşgabatda Türkmenistanyň daşary işler ministri Raşid Meredow bilen Türki medeniýetiň halkara guramasynyň (TÜRKSOÝ) Baş sekretary Sultan Raýewiň arasynda duşuşyk geçirildi.

Türkmenistanyň DIM-niň habar bermegine görä, taraplar 2026-njy ýyl üçin bilelikdäki iş meýilnamasynyň durmuşa geçirilmegini ara alyp maslahatlaşdylar.

DIM-niň ýolbaşçysy Sultan Raýewiň Aşgabada amala aşyran saparynyň TÜRKSOÝ guramasynyň Opera günlerine, şeýle-de görnükli türkmen kompozitory Weli Muhadowyň doglan gününiň 110 ýyllygyna bagyşlanan çärelere gatnaşmak nukdaýnazaryndan ähmiýetini belledi. Şeýle-de bu ugurda TÜRKSOÝ guramasynyň türkmen medeniýetiniň gazananlaryny wagyz etmekde alyp barýan işleriniň ähmiýeti nygtaldy.

Şeýle hem türkmen medeniýet we sungat işgärleriniň türk dünýäsiniň medeniýetini ösdürmäge goşan goşantlary üçin TÜRKSOÝ tarapyndan gowşurylan sylaglaryň ähmiýeti bellenilip geçildi.

Mundan başga-da, bilelikdäki çäreleri taýýarlamak meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy, TÜRKSOÝ guramasynyň işini kämilleşdirmäge gönükdirilen işler boýunça pikir alyşmalar geçirildi.

Duşuşygyň dowamynda türkmen tarapy TÜRKSÖÝ bilen mundan beýläk-de hyzmatdaşlygy ösdürmäge taýýardygyny tassyklady.