Turkmenportal logo
Şu gün 17:37
34353435
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
Amerikaly dünýäde iň uly pazl düzdi
Surat: belta.by

Amerikanyň Kolorado-Springs şäheriniň ýaşaýjysy Lu Salas dünýäde iň uly diýlip ykrar edilen işewürlik pazlyny ýygnady. 60 müň bölegi birleşdirmek üçin oňa dört ýyl gerek boldy diýip, «MIR 24» habar berdi.

«Doudluň iň ullakan pazly hersiniň içinde 1 müň parça bolan 60 gutuny özünde jemleýär. Olaryň her biri 60 müň bölekden ybarat bolan pazly döretmek üçin bir-birine gabat gelýär» diýlip, ýerli «KRDO» teleýaýlymynyň wideogörnüşlerinde aýdylýar.

Lu Salas suratkeş Erik Doudl tarapyndan 2022-nji ýylda döredilen, dünýä kartasy şekillendirilen toplumy satyn alypdyr. Ol ilki iki ýylda bu äpet pazly nämäniň üstünde düzmek barada oýlanyp gezipdir. «60 müň bölegi biri-birine laýyk getirmek üçin sarp edilen 800 sagatdan soňra, Salas öz garažynda ähli ýedi yklymy we dünýäniň ýüzlerçe gudratyny dikeltdi» diýip, teleýaýlym habar berdi.

Salasa jemleýji tapgyrda maşgalasy we dostlary ýardam beripdir. Ol bu işi üç ulag sygarlyk garažynda ýerine ýetiripdir.

Häzirki wagtda şeýle pazllary öndürmeýärler. Ilkibaşda onuň bahasy 600 dollar bolupdyr. Amerikaly ýygnan pazlyny bu işiň muşdaklaryna sowgat bermekçi diýlip, habarda bellenýär.