Hytaýyň ilatynyň azalmagynyň möçberleri geljek on ýylda 60 milliona golaý adama ýetip biler, bu Fransiýanyň ilatyna (68,5 mln) barabardyr diýip, «Rhodium Group» ylmy barlag toparyna salgylanýan «South China Morning Post» (SCMP) gazeti habar berdi.
Munuň esasy sebäpleriniň biri-de dogluşyň azalmagydyr – mysal üçin, 2025-nji ýylda 7,92 mln çaga dünýä indi, bu 2024-nji ýyldakydan 17 göterim azdyr. Hytaýyň ilaty eýýäm dört ýyl bäri azalýar. Beýleki wajyp sebäpleriň hataryna durmuşyň gymmatlamagy we jemgyýetdäki garaýyş görkezilýär.
Ylmy barlaglaryň jeminde HHR-de demografik peselişiň ykdysady ýagdaýa hem täsir edip başlandygy bellenýär. Mysal üçin, 2025-nji ýylda durmuş üpjünçiligi ulgamy gaznalaryna geçirilýän býujet kömek pullarynyň möçberleri rekord derejedäki 2,5 trillion ýuana (425 mlrd dollar) deň boldy, bu ýurduň býujetiniň 10,1 göterimine barabar. Häzirki demografik ýagdaý saklanyp galsa, bu maliýe görkeziji has artar.
Ilat sanynyň azalmagy öz nobatynda karzlaşdyrmagyň möçberleriniň hem-de göterim stawkalarynyň peselmegine getirer diýip, «Rhodium Group» belleýär.