Turkmenportal logo
Şu gün 14:55
38543854
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
Ermenistan we Türkiýe özara demir ýol gatnawyny dikeltmegi ara alyp maslahatlaşýar
Surat: media.az

Ermenistanyň we Türkiýäniň wekilleri iki ýurduň arasynda demir ýol aragatnaşygyny dikeltmek boýunça iş toparynyň mejlisini geçirdiler. Bu barada Ermenistanyň DIM-ne salgylanýan «INTERFAX.RU» habar berdi.

«Ermeni-türk gatnaşyklaryny kadalaşdyrmak boýunça gazanylan ylalaşyklara laýyklykda, 28-nji aprelde Karsda Gümri (Ermenistan) – Kars (Türkiýe) demir ýoluny dikeltmek we ulanyşa girizmek barada ermeni-türk iş toparynyň ýygnagy geçirildi» diýip, daşary syýasat edarasynyň habarynda aýdylýar.

Ankara bilen Ýerewan 1993-nji ýylda ýapylan serhetleri açmak hem-de gatnaşyklary kadalaşdyrmak babatda ýörite wekilleriň derejesinde gepleşikleri alyp barýar. Iki ýurduň arasynda howa gatnawlary hereket edýär.