Turkmenportal logo
Şu gün 14:53
34503450
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
Özbegistanda 7 müňden gowrak türkmenistanly ýokary bilim alýar
Surat: repost.uz

Türkmenistan Özbegistanda ýokary bilim alýan raýatlarynyň sany boýunça öňdeligi eýeleýär. Bu barada Özbegistanyň Milli statistika komiteti habar berdi

Şu ýylyň ýanwar — mart aýlaryndaky ýagdaýa görä, goňşy ýurtda ýokary bilim alýan türkmenistanlylaryň sany 7 müň 174-e deň. Türkmenistan bu ugurda birinji orny ynamly ýagdaýda özünde saklaýar. Sanawda ikinji orun Hindistana (2 müň 835), üçünji ýer Täjigistana (1 müň 170) degişli. Şeýle-de ilkinji bäşlikde Hytaýyň (641) we Gyrgyz Respublikasynyň (483) hem ady bar. 

Umuman alnanda, häzirki wagtda Özbegistanda 15 müň 124 sany daşary ýurtly ýokary bilim alýar.