Russiýanyň rekruting gullugynda täsin iş orny peýda boldy, ýagny sazanda üçin «ylham muzasy» gözlenilýär diýip, kompaniýanyň wekiline salgylanýan «MIR 24» ýazýar.
Iş berijiniň bildiren talaplarynyň özboluşlydygy habarda bellenýär, olaryň esasylary bolsa, wezipä dalaşgär zenan ösen ýumor duýguly, syrly, erkinligi halaýan, ýönekeý, emma biraz näzli bolmalydyr. Bularyň ählisi-de sazandany täze eserleri döretmäge ylhamlandyrmalydyr.
Şeýle-de «muza» her gün irden sazanda şelaýyn sms-leri ibermeli, täze saz eserlerini ýazmaga ruhlandyrmaly, birgeňsi romantiki yşaratlary etmeli, zerur bolan çagy hiç hili düşündirişsiz ýitirim bolmaly. Ol sazanda bilen kafelere, teatra we kinoteatra gitmeli, gijeýarymda syrly sms-habarlary ýollamaly.
Sazanda bu wezipäni ýerine ýetirip biljek zenana her aý 100 müň rubla çenli hak tölemäge taýýar diýlip, habarda bellenýär.