Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky Halkara nebit we gaz uniwersitetinde ýurduň orta mekdepleriniň 11–12-nji synp okuwçylarynyň arasynda matematika, himiýa we informatika dersleri boýunça olimpiadalaryň jemleýji tapgyry geçirildi.
«Türkmenistan: Altyn asyr» neşiriniň habar bermegine görä, olimpiadalar şahsy bäsleşik görnüşinde geçirildi.
Saýlama tapgyryna ýurduň ähli sebitlerinden 695 okuwçy gatnaşyp, olaryň 189-sy final tapgyryna çykmagy başardy.
Toplanan ballaryň jemi boýunça eminler toparynyň karary bilen ýeňijiler kesgitlenip, olara uniwersitetiň rektorynyň adyndan I, II we III derejeli diplomlar gowşuryldy. Bäsleşiklerde ýokary netijeleri görkezen okuwçylara mekdebi tamamlandan soň uniwersitetde okuwlaryny dowam etdirmek teklip edildi.
Ýurduň dürli künjeklerinden gelen okuwçylar uniwersitetiň fakultetleri we kafedralary, okuw binalary, ylmy barlaghanalary, muzeýleri hem-de sport toplumy bilen tanyşdyryldy.