Türkmenistandan 8 wekil 27–29-njy aprel aralygynda Almaty şäherinde geçirilen üç günlük halkara okuw seminaryna — DARYA SCAFFOLD taslamasyna gatnaşdy.
Türkmenistanyň wekiliýetiniň düzümine Bilim ministrliginiň işgärleri, mugallymçylyk we orta hünär okuw mekdepleriniň ýolbaşçylary hem-de mugallymlary girdi. Bu barada ministrligiň resmi saýtynda habar berilýär.
Ýewropa Bileleşiginiň we Ýewropa gaznasynyň goldawy bilen DARYA başlangyjynyň çäklerinde guralan seminar mugallymlaryň hünär derejesini ýokarlandyrmaga, bilim ulgamyny döwrebaplaşdyrmaga we okuw işine netijeli häzirki zaman usullaryny ornaşdyrmaga gönükdirildi.
Seminaryň dowamynda gatnaşyjylar SCAFFOLD innowasion guralynyň kömegi bilen mugallymlaryň hünär ösüş maksatnamalarynyň taslamasyny taýynlamak, durmuşa geçirmek we baha bermek boýunça amaly çemeleşmeleri öwrendiler.
Seminaryň netijesinde gatnaşyjylar mugallymlaryň hünär derejesini ýokarlandyrmak boýunça maksatnamalaryň taslamalaryny, olaryň netijeliligini bahalandyrmagyň gurallaryny hem-de alnan çözgütleri geljekde durmuşa ornaşdyrmak üçin amaly meýilnamalary taýýarladylar.