Turkmenportal logo
Şu gün 09:32
42684268
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
Lawrow resmi sapar bilen Gazagystanda bolýar
Surat: ria.ru

Russiýanyň daşary işler ministri Sergeý Lawrow düýn – 29-njy aprelde resmi sapar bilen Gazagystana bardy. Ol iki günlük saparyň barşynda ýurduň Prezidenti Kasym-Žomart Tokaýew hem-de daşary işler ministri Ýermek Koşerbaýew bilen duşuşar diýip, «RIA Nowosti» habar berdi.

Saparyň dowamynda rus-gazak ählitaraplaýyn strategik gatnaşyklary pugtalandyrmagyň, syýasy, söwda-ykdysady we medeni-gumanitar hyzmatdaşlygy çuňlaşdyrmagyň meseleleri ara alnyp maslahatlaşylar. Iki ýurduň daşary syýasat edaralarynyň ýolbaşçylary şeýle hem sebit we halkara gün tertibiniň möhüm meseleleri barada pikir alşarlar.