Turkmenportal logo
Şu gün 09:16
58755875
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
Türkmenistanyň Döwlet sirki gyzykly çykyşlara tomaşa etmäge çagyrýar

3-nji maýda Türkmenistanyň Döwlet sirki Aşgabat şäheriniň ýaşaýjylaryny we paýtagtyň myhmanlaryny sirk çykyşlaryna tomaşa etmäge çagyrýar.

Sirk çykyşlarynyň maksatnamasynda artistleriň täze, täsirli çykyşlary, eldekileşdirilen haýwanlaryň gyzykly tomaşalary hem-de gülküli sahna oýunlary bar. Meşhur «Galkynyş» at üstündäki oýunlar toparynyň, «Türkmen jigitleri» toparynyň hem-de «Gündogar ýyldyzlary» atly ýaş zehinleriň çykyşlary tomaşaçylary biparh galdyrmaz.

Sirk tomaşasynyň başlanýan wagty: 18:00.

Biletleri döwlet sirkiniň resmi saýty bolan sirk.gov.tm arkaly onlaýn görnüşde satyn alyp bolýar.

Habarlaşmak üçin telefon belgileri: (+993 12) 39-80-44; 39-80-45; 36-10-95; 36-10-34.