Täjigistanyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Niýatbekzoda Wafo Alibek diplomatik korpusyň we KHBS wekilleri üçin «Suw durnukly ösüş üçin, 2018 — 2028-nji ýyllar» atly halkara hereketler onýyllygynyň çäginde geçiriljek IV ýokary derejeli halkara maslahatyna bagyşlanan brifing geçirdi.
Forum 25 — 28-nji maýda Duşenbe şäherinde geçiriler. Onuň guramaçysy hökmünde Täjigistanyň hökümeti BMG bilen hyzmatdaşlykda çykyş edýär. Maslahata Täjigistan Respublikasynyň Premýer-ministri, BMG-niň Baş sekretarynyň orunbasary we BMG-niň Ykdysady we durmuş meseleleri boýunça departamentiniň ýolbaşçysy bilelikde başlyklyk ederler.
Ilçiniň belleýşi ýaly, çäräniň esasy maksady — BMG-niň «Suw boýunça hereketler gün tertibiniň» borçnamalaryny durmuşa geçirmek we «Gün tertibi — 2030-yň» degişli maksatlaryna ýetmek üçin global platforma döretmekdir. «Maslahat öňdebaryjy tejribeleri we innowasion çözgütleri alyşmaga, taraplaryň arasyndaky hyzmatdaşlygy berkitmäge, durnukly ösüşde suw serişdeleriniň ornuny ýokarlandyrmaga, habardarlygy artdyrmaga we syýasy erk-islegi jemlemäge gönükdirilendir» diýip, diplomat nygtady.
Forumyň maksatnamasy dört sany esasy ugry öz içine alýar. Birinjisi — 2026-njy ýylda geçiriljek BMG-niň suw serişdeleri boýunça maslahatyna taýýarlyk görmek. Ikinjisi — suw pudagynda amaly çözgütleri gözlemek we hyzmatdaşlygy ýola goýmak. Üçünjisi — suw boýunça hereketler onýyllygynyň çägindäki işleri çaltlandyrmak. Dördünjisi — 2030-njy ýyldan soňky global suw syýasatynyň nähili boljakdygy baradaky çekişmelere başlamak.
Çärä gatnaşmaga BMG-ä agza döwletleriň wekilleri, halkara maliýe institutlarynyň ýolbaşçylary, ylym we hususy pudagyň wekilleri çagyryldy. Guramaçylar forumyň ähli taraplary öz içine alýan häsiýetini aýratyn nygtaýarlar: gepleşiklere ýaşlar, zenanlar guramalary we ýerli halklaryň wekilleri, şeýle hem adaty suw meselelerinden başga ugurlaryň hünärmenleri çagyryldy.