Turkmenportal logo
Düýn 22:06
1085810858
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
Türkmenistanyň Prezidenti Seýşeller Respublikasynyň daşary işler ministri bilen duşuşdy
Surat: Surat: tdh.gov.tm

Şu gün Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow ýurda sapar bilen gelen Seýşeller Respublikasynyň daşary işler we diaspora ministri Barri Fory kabul etdi.

«Watan» habarlar gepleşiginde habar berlişi ýaly, Seýşeller Respublikasynyň daşary işler ministri mähirli kabul edilendigi üçin minnetdarlyk bildirip, öz ýurdunda okgunly ösýän Türkmenistan bilen giň gerimli gatnaşyklary ýola goýmaga uly gyzyklanma bildirilýändigini belledi.

Türkmenistanyň Prezidenti hoşniýetli sözler üçin minnetdarlyk bildirip, myhmanyň bu saparynyň ikitaraplaýyn gatnaşyklary giňeltmekde möhüm ädim boljakdygyna we uzakmöhletleýin hyzmatdaşlygyň täze ugurlaryna itergi berjekdigine ynam bildirdi.

Duşuşygyň barşynda söhbetdeşler abraýly halkara guramalaryň, ilkinji nobatda Birleşen Milletler Guramasynyň çäklerindäki özara gatnaşyklara ünsi çekdiler. ugry boýunça hyzmatdaşlygy ara alyp maslahatlaşdylar. Şunuň bilen baglylykda, Türkmenistanyň Prezidenti ýurduň döredijilikli başlangyçlaryny goldaýandygy we BMG-niň Baş Assambleýasynyň möhüm kararnamalarynyň awtordaşy bolup çykyş edýändigi üçin Seýşeller Respublikasyna minnetdarlyk bildirdi. Mundan başga-da, iki ýurduň arasyndaky söwda-ykdysady hyzmatdaşlygy ösdürmegiň mümkinçilikleri ara alnyp maslahatlaşyldy. Türkmenistanyň Prezidenti ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygy pugtalandyrmak maksady bilen Seýşeller tarapyny Türkmenistanda geçirilýän sergilere we halkara maslahatlara işjeň gatnaşmaga çagyrdy. Ynsanperwer gatnaşyklary ösdürmek, hususan-da, syýahatçylyk ulgamynda hyzmatdaşlyk etmek duşuşykda ara alnyp maslahatlaşylan ýene-de bir ugur boldy. Döwlet Baştutany bu ugurda tejribe alyşmak hem-de gelejekde syýahatçylygy ösdürmek üçin uly mümkinçilikleriň bardygyny belläp, Türkmenistanyň özara bähbitli hyzmatdaşlygy ýola goýmak boýunça Seýşeller tarapynyň anyk tekliplerine seretmäge taýýardygyny tassyklady.

Duşuşygyň ahyrynda Türkmenistanyň Prezidenti hem-de Seýşeller Respublikasynyň daşary işler we diaspora ministri dostlukly gatnaşyklaryň mundan beýläk-de pugtalandyryljakdygyna ynam bildirip, birek-birege iň gowy arzuwlaryny beýan etdiler.