Turkmenportal logo
Düýn 20:08
75457545
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
Türkmenistan Hytaý – Ýewropa geçelgesiniň logistika merkezine öwrülmegi maksat edinýär

Türkmenistan demir ýol infrastrukturasynyň döwrebaplaşdyrylmagyndan soň Hytaý – Merkezi Aziýa – Ýewropa ulag geçelgesiniň esasy logistika merkezine öwrülmegi maksat edinýär. Bu barada Aşgabatda geçirilen Türkmen-hytaý forumynda Türkmenistanyň Demir ýol ulaglary ministri Mämmet Akmämmedow beýan etdi.

Onuň sözlerine görä, Demir ýol ulaglary ministrligi Aşgabat – Türkmenbaşy demir ýol ugrunyň döwrebaplaşdyrylmagy boýunça tehniki-ykdysady esaslandyryş taýýarlamak üçin halkara bäsleşigini yglan etdi. Taslama laýyklykda ýolagçy otlularynyň tizligini 160 km/sag, ýük otlularynyň tizligini bolsa 90 km/sag ýetirmek, şeýle hem gündelik geçiriş kuwwatyny 35 otly jübütine çenli artdyrmak göz öňünde tutulýar. Şunuň ýaly işler Aşgabat – Türkmenabat ugry boýunça hem meýilleşdirilýär.

Ministriň bellemegine görä, döwrebaplaşdyryş tamamlanandan soň Türkmenistan diňe bir üstaşyr ýurt bolmak bilen çäklenmän, Gündogar – Günbatar we Demirgazyk – Günorta ugurlarynda doly derejeli logistika merkezine öwrüler. Onuň aýtmagyna görä, Hytaýyň öňdebaryjy kompaniýalary ýurdumyzda ýokary tizlikli demir ýol ulgamyny döretmek boýunça teklipleri hem öňe sürýärler, Hytaýyň tejribesi bolsa pudagy döwrebaplaşdyrmak üçin möhüm ugur hökmünde kabul edilýär.

Akmämmedow şeýle hem demir ýol ulgamynda Hytaýyň öndürijileri bilen hyzmatdaşlygyň 2005-nji ýyldan bäri alnyp barylýandygyny belledi. Şu döwürde Türkmenistan 180 sany dizel lokomotiwini we 423 sany ýolagçy wagonyny satyn aldy. 2025-nji ýylda Sýan şäherinde tehniki hyzmatdan geçirilen 20 sany ýük lokomotiwi ulanyşa girizildi, ýylyň ahyryna çenli ýene 20 lokomotiwine hyzmat etmek we bäş sany täze ýük lokomotiwini satyn almak meýilleşdirilýär.