Halkara ynsanperwer ylymlary we ösüş uniwersiteti ähli isleg bildirýänleri 2026-njy ýylyň 9-njy maýynda sagat 14:00-da geçiriljek Açyk gapylar gününe çagyrýar.
Bu çäräniň dowamynda dalaşgärler uniwersitetiň okuw infrastrukturasy bilen — okuw otaglary, lingafon otaglary hem-de häzirki zaman enjamlar bilen üpjün edilen kompýuter barlaghanalary bilen tanşyp bilerler.
Mundan başga-da, maksatnamada talyp durmuşyna degişli maglumatlar hem göz öňünde tutulýar: sport, ylym we medeni klublar, dil öwreniş bölümi hem-de umumy ýaşaýyş jaýlary bilen tanyşlyk geçiriler. Uniwersitetiň wekilleri okadylýan hünärler we dersler barada giňişleýin gürrüň bererler.
Çäre şu salgyda geçiriler: Aşgabat şäheri, 1958-nji (Andalyp) köçesi, jaý 169.
Maglumat üçin telefon belgileri: 39-85-42, 39-85-13, 39-85-40, 39-85-33, 39-85-28, 39-85-29.