Turkmenportal logo
Şu gün 17:40
26102610
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
Türkmenistanda Müsüriň Medeniýet günleri geçiriler

Türkmenistan Müsür bilen medeni-ynsanperwer hyzmatdaşlygy has-da ösdürmegi maksat edinýär. Hususan-da, şol maksat bilen özara Medeniýet günlerini geçirmek meýilleşdirilýär.

Ozal habar berşimiz ýaly, düýn daşary işler ministriniň orunbasary  S.Muhammetdurdyýew Türkmenistanda täze bellenen Müsür Arap Respublikasynyň Türkmenistanda täze bellenen ilçisi (oturýan ýeri Moskwa ş.) Hamdy Şaaban Abdelhalim Mohamet bilen duşuşdy.

Duşuşygyň dowamynda taraplar Aşgabatda Müsüriň, Kairde bolsa Türkmenistanyň Medeniýet günlerini guramak barada ylalaşdylar.

Şeýle-de taraplar saglygy goraýyş, bilim we syýahatçylyk ýaly ugurlarda hem özara hyzmatdaşlygy giňeltmegiň mümkinçiliklerini ara alyp maslahatlaşdylar.