9-njy maýda sagat 19:00-da «Watan» kinokonsert merkezinde Beýik Watançylyk urşunda gazanylan Ýeňşiň gününiň hormatyna baýramçylyk konserti geçiriler.
Çäräniň guramaçysy Meýlis Myradgeldiýew. Konsertde «Grand Music» saz topary, solist Döwlet Ýoldaşew çykyş ederler, agşamyň alyp baryjylary bolsa Zamir Aliýew we Keýik Artykowa bolar. Şeýle-de, sahnada Ruslan Baltaýew (baýan) öz ussatlygyny görkezer.
Goşmaça maglumat almak üçin şu telefon belgilerine ýüz tutup bilersiňiz:
+993 62 93-74-41, +993 61 79-46-91, 865 45-87-73.