Turkmenportal logo
Şu gün 16:43
29632963
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
Maryda Boş iş orunlarynyň we hünärmenleriň ýarmarkasy geçiriler

8-nji maýda Mary welaýat maliýe-ykdysady orta hünär okuw mekdebi Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler partiýasynyň Mary welaýat Geňeşi hem-de Mary welaýatynyň Zähmet we ilaty iş bilen üpjünçiligi müdirligi bilen bilelikde Boş iş orunlarynyň we hünärmenleriň ýarmarkasyny geçirýär. Bu barada Türkmenistanyň Bilim ministrliginiň saýtynda habar berildi.

Bellenilişi ýaly, Mary şäheriniň Sergi zalynda geçiriljek bu çäre döwlet we hususy pudagynyň edara-kärhanalarynyň wekilleriniň gatnaşmagynda uçurymlaryň iş bilen üpjünçilik derejesini ýokarlandyrmagy maksat edinýär. Bu ýarmarka uçurymlar üçin öz hünär başarnyklaryny iş ýüzünde görkezmäge we geljekki iş berijileri bilen göni gatnaşyk gurmaga mümkinçilik berer.

«Ýarmarkada Mary welaýatynda ýerleşýän hususy kärhanalary özlerine gerekli hünärmenleri orta hünär okuw mekdebinden saýlap-seçmek we öndürýän önümlerini tanyşdyrmak boýunça täsirli çykyşlary ederler» diýlip, habarda bellenilýär.