Amerikaly meşhur aýdymçy zenan Teýlor Swift özüniň sesini we kaddy-kamatyny generirleýji emeli aňdan goramak maksady bilen hasaba aldyrmak üçin arza berdi. Bu barada TMZ portalyna salgylanýan «ria.ru» habar berýär.
Teýlor häzir öz sesi we keşbi bilen göni bagly bolan haryt nyşanlaryny taýýarlaýar. Bu arza aýdymçy zenany meşhur sungat wekillerini birugsat nusgalaýan emeli aň tarapyndan döredilen aýdymlardan, dipfeýklerden, wideolardan goramak üçin diýip, ady tutulan portal ýazýar.