Turkmenportal logo
Şu gün 15:16
32713271
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
5,5 million rubl utan russiýaly geň nyşan barada gürrüň berdi
Surat: mir24.tv

Russiýanyň Krasnoýarsk ülkesiniň Dmitriý atly ýaşaýjysy lotereýada uly utuşyň eýesi boldy – gurluşykçy bolup işleýän erkek kişi 5,5 million rubl utdy. Bu wakanyň öňýanynda ol täsin alamat görendigini gürrüň berdi, ýagny Dmitriý ýolda barýarka, «Porsche Macan» kysymly ýaşyl reňkli, gymmatbaha ulagy görüpdir. Bu barada ýurduň «Milli lotereýalar» gullugynyň metbugat gullugyna salgylanýan «360» neşiri ýazýar.

Lotereýa gatnaşmak barada karara gelmeginiň bir sagat öňýany Dmitriý öz tanşyny ulagynda äkidip barýan ekeni. Birden olaryň deňesinden açyk-ýaşyl reňkli krossower kysymly gymmatbaha ulag geçip gidipdir. Ýanyndaky dosty oňa şeýle gymmat ulagy garyndaşynyň lotereýada utandygyny gürrüň beripdir. Bu gürrüňiň yzy bagtyň çüwmegidir şowlulyk ýaly söhbede ýazypdyr. Mesawy gürrüňçiligiň barşynda Dmitriý özüniň işiniň seýrek şowlaýandygyndan zeýrenipdir. Munuň yzýany ol internetdäki ýörite ulgama girip, lotereýa petegini satyn alypdyr. Oýna gatnaşmak üçin halaýan sanlaryny hem-de özüniň we aýalynyň doglan senelerini saýlapdyr. Netijede, onuňky çüwüpdir.

Ýeňiji utuşyň özüni aňk edendigini boýun alýar. Dmitriý utuşyny has giňiş öý satyn almaga harçlajakdygyny-da gürrüň beripdir.