Turkmenportal logo
Şu gün 14:29
42404240
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
«Daýhanbankyň» topary «Bank-2026» ýeňil atletika ýaryşynda ikinji orny eýeledi

«Aşgabat» stadionynda «Halkbank» paýdarlar täjirçilik banky tarapyndan guralan «Bank-2026» kubogy ugrundaky ýeňil atletika ýaryşy geçirildi.

Ýaryşa ýurduň bäş sany öňdebaryjy maliýe edaralarynyň ýygyndy toparlary gatnaşdy: «Türkmenistan» döwlet täjirçilik banky, «Türkmenbaşy» paýdarlar täjirçilik banky, «Daýhanbank» döwlet täjirçilik banky, «Senagat» paýdarlar täjirçilik banky we «Halkbank» paýdarlar täjirçilik banky. Her bir gurama alty türgenden ybarat topar bilen çykyş etdi.

Bäsleşigiň maksatnamasy üç görnüşi: 100 metr aralyga ylgamak, 4x100 metr estafeta we uzynlyga bökmek ýaly görnüşleri öz içine aldy.

Ýaryşyň netijeleri boýunça birinji orny «Senagat» paýdarlar täjirçilik bankynyň topary eýeledi. «Daýhanbank» döwlet täjirçilik bankynyň topary kümüş medala mynasyp bolup, ikinji orna mynasyp boldy. Üçünji orun «Halkbank» paýdarlar täjirçilik bankynyň toparyna miýesser etdi. Ýeňijiler we baýrakly orunlary eýelänler guramaçylar tarapyndan hormat hatlary, medallar hem-de gymmat bahaly sowgatlar bilen sylaglandy.