Turkmenportal logo
Şu gün 11:39
44074407
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
Dört ýurduň işewürleri türkmen biržasynda nebit önümlerini, ýüpegi we dokma önümlerini satyn aldylar

Sişenbe güni, 28-nji aprelde Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynda daşary ýurtly telekeçileriň gatnaşmagynda söwdalar geçirildi.

Daşarky bazarda owganystanly telekeçiler «Türkmennebit» döwlet konserni bilen «SN-600» kysymly binýatlyk ýagy satyn almak barada geleşik baglaşdylar. BAE-den gelen telekeçiler ýerli öndürijilerden ýüpek çig malyny satyn aldylar, ukraina tarapy dokma önümlerini, türkiýe tarapy bolsa pagta ýüplügini satyn aldy.

Içki bazarda ýerli telekeçiler Dokma senagaty ministrligi bilen dokma önümlerini satyn almak boýunça geleşikleri baglaşdylar.

Söwdalaryň netijeleri boýunça umumy bahasy 4 406 000,00 manada we 220 355,00 amerikan dollaryna deň bolan 5 sany geleşik baglaşyldy.