Hindistanyň öňdebaryjy awiakompaniýalary Ýakyn Gündogardaky gapma-garşylyk zerarly emele gelen uçar ýangyjyna ýokary nyrhlar bilen baglylykda, pudagyň işini bes etmek töwekgelçiligi barada duýdurdylar. Bu barada Hindi awiakompaniýalarynyň (FIA) Respublikanyň raýat awiasiýasy ministrligine ýollan açyk hatyna salgylanýan «The Times of India» gazeti ýazýar.
Hatda bahalaryň oýlanyşyksyz ýokarlandyrylmagynyň awiagatnadyjylar üçin öwezini dolup bolmajak ýitgilere hem-de gatnawlaryň ýatyrylmagyna getirip biljekdigi duýdurylýar. Haty ýazanlar Hökümetden işi dowam etmek üçin emele gelen ýagdaýdan baş alyp çykmakda gyssagly maliýe kömeginiň berilmegini talap edýärler.
19-njy aprelde «Bloomberg» agentligi tutuş dünýäde awiakompaniýalaryň uçuşlary kemeldip başlandyklaryny we uçarlary ýangyja nyrhlaryň ýokarlanmagy bilen bagly ulanyşdan aýyrýandyklaryny habar beripdi.
Mundan öň «The Guardian» gazeti Ýewropada uçar ýangyjynyň Ýakyn Gündogar krizisi bilen baglylykda, alty hepdä ýetjekdigini habar berdi. Ýewropa Bileleşiginiň Energiýa edarasynyň başlygy Fatih Birol eger nebit üpjünçiligi dikeldilmese, howa uçuşlarynyň ýatyrylmagynyň gutulgysyzdygyny aýdypdy.