Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersiteti orta mekdepleriň uçurymlaryny, esgerleri, önümçilikde zähmet çekýän ýaşlary, ýokary okuw mekdebine okuwa girmäge isleg bildirýänleriň ählisini 2026-njy ýylyň 2-nji we 9-njy maýynda sagat 15:00-da «Açyk gapylar» gününe çagyrýar. Bu baradaky degişli bildiriş «Türkmenistan» gazetinde çap edildi.
Habarda bellenilişi ýaly, «Açyk gapylar» gününde uniwersitete gelen ýaşlar ýokary bilim ulgamynda gazanylýan üstünlikler, uniwersitetde öwredilýän hünärler, döwrebap tehnologiýalary enjamlaşdyrylan täze okuw binalary, internet, lingafon otaglary, ylmy-barlag we okuw merkezleri, muzeýler, talyplar sport klubunyň işi, talyplaryň ýaşaýyş şertleri bilen tanşyp bilerler.
Şeýle hem olar uniwersitetiň durmuşy baradaky wideofilme, aýdym-saz, tans toparlarynyň çykyşlaryna, fakultetler tarapyndan taýýarlanan sergilere tomaşa ederler.
Uniwersitetiň salgysy: Aşgabat şäheri, Saparmyrat Türkmenbaşy şaýolunyň 31-nji jaýy.
Habarlaşmak üçin telefonlar: 94-67-30, 94-67-05
e-mail: tdu@tdu.edu.tm