Wengriýanyň Premýer-ministriniň wezipesinden gidýän Wiktor Orban Parlamentde saýlawlarda şowsuzlyga uçran «Fides» partiýasynyň başlyklygyndan gitmek barada arza berdi, emma onuň arzasyny kabul etmediler diýip, «INTERFAX.RU» ýazýar.
«Hawa, Wiktor Orban arza berdi, emma kabul etmediler» diýip, partiýanyň wekillerine salgylanýan EFE agentligi habar berdi. Bu babatda degişli çözgüt partiýanyň 13-nji iýuna bellenen gurultaýynda kabul ediler.
Agentlik öňräkki saýlawlarda Peter Madýaryň «Tisa» partiýasynyň üstün çykandygyny ýatladýar.